Lawrow bilen Maas Liwiýa krizisi hakynda pikir alyşdy

Lawrow Germaniýanyň Daşary işler ministri Maas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1357692
Lawrow bilen Maas Liwiýa krizisi hakynda pikir alyşdy

 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Germaniýanyň Daşary işler ministri Maas bilen Liwiýa krizisi hakynda pikir alyşdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanata görä, Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Beýanatda “Iki kärdeş BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Liwiýa meselesinde geçirlen gepleşikler hakynda pikir alyşdy. Russiýa, Liwiýadaky taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylmagy üçin olary höweslendirmäge dowam eder” diýildi.



Degişli Habarlar