Tramp: “Aprel aýynda howalaryň maýylamagy bilen koronawirus ýok bolar” diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, aprel aýynda howalaryň maýylamagy bilen Hytaýda başlan täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň ýok boljakdygyny aýan etdi

1357393
Tramp: “Aprel aýynda howalaryň maýylamagy bilen koronawirus ýok bolar” diýdi

Tramp, deslapky saýlawlaryň geçiriljek ýeri bolan Nýu-Gempşir ştatynda geçirilen mitingden ozal Fox telewideniýesine, Hytaý bilen bolan gatnaşyklaryň we Hytaýda ýüze çykan täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň üstünde durup geçdi.

Hytaýyň koronawirus epidemiýasyna garşy örän ýerlikli hereket edýändigini aýdan Tramp: “Hytaýyň koronawirusy örän ýakyn wagtda gözegçilik astyna aljakdygyna ynanýaryn. Aprel aýynda howalaryň maýylamagy bilen koronawirus epidemiýasy ýok bolar” diýip belledi.

Tramp, ABŞ-nyň wirusyň ýüze çykan ýeri bolan Hytaýyň Uhan şäherine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri ugradandygyny belläp: “Hytaý bilen bu babatda ýakyndan gatnaşyk edýändigimizi aýdyp bilerin. Ol ýere iň gowy hünärmenlerimizi ugratdyk” diýip nygtady.

Hytaý bilen gazanylan söwda ylalaşygynyň hem iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklara goşant goşýandygyny aýdan Tramp, ylalaşykdan soň Hytaýyň ABŞ-e hormat goýmaga başlandygyny habar berdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Hytaý , #Donald Tramp

Degişli Habarlar