Tähranda urlup düşürlen Ukraina degişli ýolagçy uçary üçin Eýrana basyş edýäris

“Eýran bilenuçar heläkçiligi meselesinde hyzmatdaşlyk etmek başyndan bäri gaty kyn boldy"

1357051
Tähranda urlup düşürlen Ukraina degişli ýolagçy uçary üçin Eýrana basyş edýäris

Ukrainanyň Daşary işler ministri Wadim Pristaýko, 8-nji ýanwarda paýtagt Tähranda urlup düşürlen Ukraina degişli ýolagçy uçary üçin Eýrana basyş edýändiklerini aýtdy.

Resmi sapar bilen Rime baran Pristaýko, Ukrainanyň paýtagty Kiýewe gitmek üçin Tährandaky Halkara Ymam Humeýni howa menzilinden uçandan gysga wagt soň gury ýerden atylan iki raketa bilen urlup düşürlen 176 ýolagçysy bolan uçar hakynda beýanat berdi.

Pristaýko “Eýran bilen uçaryň gara gutusynyň berilmegi bilen birlikde uçar heläkçiligi meselesinde hyzmatdaşlyk etmek başyndan bäri gaty kyn boldy, emma biz 5 ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmäge dowam edýäris” diýdi.

19-njy ýanwarda uçaryň gara gutsuny bermek islemeýändiklerini beýan eden Eýrana basyş etmäge dowam etjekdiklerini aýdan Ukrainanyň Daşary işler ministri “Biz uçaryň urlup düşürilmegi görkezmesini kimiň berendigini bilmek we onuň kaziýet işine çekilmegini isleýäris” diýip belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar