Eýranda ýasama içgi sebäpli 2 adam ýogaldy
Hassahanada bejergisi dowam edýän 10 adamyň ýagdaýy agyr
1356525
Eýranyň Sistan-Buluçistan welaýatynyň Çabahar şäherinde ýasama içgi sebäpli 2 adam ýogaldy
Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Saglygy goraýyş müdüri Mahmud Hüseýinber, 48 sagadyň dowamynda ýasama içgi sebäpli 12 adamyň Çabahar Ymam Ali hassahanasynda berjergi astyn alynandygyny we 2 adamyň ýogalandygyny aýtdy.
Hüseýinber hassahanada bejergisi dowam edýän 10 adamyň ýagdaýynyň agyrdygyny belledi.
Eýranda musulmanlar üçin spirtli içginiň gadagandygy sebäpli içgi öndürýänler ýada satýanlar azatlyklardan mahrum edilýär we gaçmy jezasy berilýär.
Degişli Habarlar
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Boko Harama agza terrorçylaryň bolýan merkezine Sambisa tokaýyna operasiýa guraldy.