Russiýada iki adamyň koronawirus bilen keselländigi ýüze çykdy

Russiýada ilkinji gezek täze görnüş koronawirus (2019-nCov) ýolugan adamlaryň bardygy anyklandy

1351077
Russiýada iki adamyň koronawirus bilen keselländigi ýüze çykdy

Russiýanyň Wise-premýeri Tatýana Golikowa, ýurdyň paýtagty Moskwada metbugat işgärlerine beren beýanatynda, 2 adamda täze görnüş koronawirusa (2019-nCov) ýolugandygy anyklanandygyny habar berdi.

Syrkawlaryň biriniň Týumen, ikinjisiniň bolsa Sibiriň günortasyndaky Transbaýkal sebitindedigini aýdan Galikowa: “Bularyň ikisem Hytaýyň raýaty” diýip habar berdi.

Russiýanyň epidemiýa garşy goşmaça çäreler görmek barada karar kabul edendigini aýdan Golikowa: “Hytaýyň Hubeý welaýatyndaky rus raýatlaryny ýurda getireris. Mundan başgada Mongoliýa bilen bolan serhetlerimizdäki girip-çykmak işlerini çäklendireris” diýip mälim etdi.

Hytaýyň raýatlaryna iş wizasyny bermegi hem togtadandyklaryny aýdan Golikowa, syrkawlaryň bejergi astyna alynandygyny aýan etdi.

Russiýa, täze görnüş koronawirus (2019-nCov) epdemiýasy sebäpli Hytaý bilen serhedini ýapmak barada karar kabul edipdi.


Etiketkalar: #koronawirus , #Russiýa

Degişli Habarlar