ÝPG/PKK-a agza terrorçylar Afriniň etrap merkezine hüjüm gurady

Wakada 4 adam ýaralandy

1350143
ÝPG/PKK-a agza terrorçylar Afriniň etrap merkezine hüjüm gurady

Siriýanyň Tel Ryfat etrabynda basyp alyjylyk hereketlerini dowam etdirýän terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň, Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen terrorçylardan saplanan Afriniň etrap merkezine guran hüjüminde asuda ilatdan 4 adam ýaralandy.

ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda boşaldylmaly bolan Tel Ryfat etrabyndan Afriniň etrap merkezine köp nilli ýaraglar bilen hüjüm gurady.

Hüjümde asuda ilatdan 4 adam ýaralandy.

Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen Afrinden saplanan ÝPG/PKK, etrabyň günorta-gündogaryndaky Tel Ryfat sebitinde basyp alyjylykly hereketini dowam etdirýär.


Etiketkalar: #hüjüm , #Afrin

Degişli Habarlar