Maýk Pompeo, ABŞ-nyň Yrakdaky ilçihanasyna guralan soňky raketa hüjümine  berk garşylyk görkezdi

Pompeo Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1348817
Maýk Pompeo, ABŞ-nyň Yrakdaky ilçihanasyna guralan soňky raketa hüjümine  berk garşylyk görkezdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, ABŞ-nyň Yrakdaky ilçihanasyna guralan soňky raketa hüjümine  berk garşylyk görkezdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýanatda, Döwlet sekretary Pompeo bilen Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdiniň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýanatda Pompeo bilen Abdulmehdiniň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýanatda Döwlet sekretary Pompeonyň düýn ilçihanany nyşana alan we 3 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan soňky hüjüm bilen birlikde Eýranyň ABŞ-nyň Yrakdaky desgalaryna guraýan hüjümlerine uly garşylyk görkezendigi ýatladyldy.

Beýanatda Pompeonyň ady agzalýan hüjümleriň kabul edilip bilinmejekdigine ünsi çekendigi we Yragyň hökümetiniň Amerikaly hünärmenleriň we desgalaryň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin edýän tagallasyna hoşallyk bildirendigi bellenildi.

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Yrak , #Maýk Pompeo , #ABŞ , #ilçihana

Degişli Habarlar