Asada tabynlykdaky güýçleriň we rus uçarlaryň Idlibdäki hüjümleri dowam edýär

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýa degişli harby uçarlaryň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagyna guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

1348276
Asada tabynlykdaky güýçleriň we rus uçarlaryň Idlibdäki hüjümleri dowam edýär

Oppozisionerlere degişli uçar gözegçilik öýüne görä, Russiýa degişli harby uçarlar, düýn gijeden başlap Idlibiň Han es Sübül, Masaran, Hamidiýýe, Şinan we Bzabor obalaryna hüjüm gurady. 

Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlar bolsa Serakib we Marratünnuman etraplary bilen Keferruma etrapçasy, Masaran, Han es Sübül, Ruweýha, Erbain, Bzabor, Ruweýha, Has, Kefer Battyh we Dadih obalaryna hüjüm gurady. 

Alynan maglumata görä, Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlaryň howa hüjümlerinde Serakibde 1, Bzaborda 2 we Russiýanyň Şinan obasyna guran howa hüjümlerinde bolsa 2 bolmak bilen asuda ilatdan jemi 5 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar