Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň demirgazygyndaky Jüzjan welaýatynda Talibana agza terrorçylaryň goargçylaryň harby birikmesine hüjüm guramagy netijesinde 8 goragçy ýogaldy

1347630
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Jüzjan welaýatynyň Içeri işler edarasynyň müdüri Abdul Wahid Wijdan, Talibana agza terrorçylaryň, Jüzjan welaýatynyň Menguteý diýilen ýerindäki goragçylaryň harby birikmesine hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Abdul Wahid Wijdan, hüjümde 8 goragçynyň ýogalandygyny, 8 goragçy bilen asuda ilatdan 2 adamyň bolsa ýaralanandygyny belläp, ýüze çykan çaknyşykda Talibana agza 2 terrorçynyň öldürilendigini aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Owganystanyň Host welaýatynyň Alyşir etrabynda toýlaryň birine granat atylmagy netijesinde 20 adam ýaralandy. 

Hostyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Talib Mangal, Alyşer etrabynyň Waris obasynda köp sanda adamyň gatnaşmagynda geçirilen toýa granadyň atylandygyny habar berdi. 

Hüjümde asuda ilatdan 20 adamyň ýaralanandygyny aýdan Mangal, ýaralanan adamlaryň 3-siniň ýagdaýynyň agyrydygyny beýan etdi. 

Mangal, hüjümçileriň sebitden gaçandygyny we hadysa bilen bagly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 


Etiketkalar: #etrap , #toý , #Taliban

Degişli Habarlar