Hytaýda täze koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan täze görnüş koronawirus (2019-nCoV) epidemiýasynda 830 adama wirus ýokdy, 25 adam ýogaldy

1346438
Hytaýda täze koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Tibet Awtonom zolagyndan we Çinghaý ştatyndan daşary, ýurdyň ähli awtonom zolaklarynda, ştatlarynda täze görnüş koronawirus ýokan adamlaryň sany 177-siniň ýagdaýy agyr bolmak bilen jemi 830-a ýetdi. 

Beýleki tarapdan kesellän adamlar bilen gatnaşykda bolan adamlardan bejergi astyna alynan adamlaryň sany bolsa 8420-ä ýetdi, wirus ýokan bolmagy ähtimal adamlaryň sany bolsa 1072 diýip aýan edildi. 

Mundan başgada ýurdyň käbir şäherlerinde hassahana, dermanhana we marketlerden daşary, iş alyp barýan beýleki kärhanalaryň işlerine arakesme berildi. Şonuň bilen birlikde şäherara gatnaw amala aşyrýan transport ulgamlarynyň bir bölegine hem togtadyldy. 

Hubeý ştatynyň dolanşygy tarapyndan berilen beýanatda bolsa, ştatdaky ähli syýahatçylyk agentlikleriniň işleriniň wagtlaýyn duruzylandygy aýan edildi. 

 


Etiketkalar: #kesel , #Hytaý , #koronawirus

Degişli Habarlar