Eýran, ABŞ-nyň Iýerusalim güýjüniň serkerdeligine bellenen general Kaana hemle atmagyny ýazgardy
“Kaana hemle atylmagy ABŞ-nyň alyp barýan döwlet terrorony açyk aýdyň görkezýär"
Eýranyň Daşary işler ministriniň metbugat geňeşçisi Abbas Musewi, ABŞ-nyň Kasym Süleýmaniniň öldürilmeginden soň Eýranyň ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan Iýerusalim güýjüniň serkerdeligine bellenen general Ismail Kaana hemle atmagyny ýazgardy.
Abbas Musewi beren ýazmaça beýanatynda, ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekili Brian Hookygyň “Eger Kaani Amerikalylary öldürmegi saýlap alan halatynda ol hem Kasym Süleýmany ýaly öldürler” diýen sözlerine berk garşylyk görkezdi.
“Kaana hemle atylmagy ABŞ-nyň alyp barýan döwlet terrorony açyk aýdyň görkezýär” diýen Musewi, halkara jemgyýetçiliginden “döwlet terrorynyň höweslendirilmegini ýazgarmaklaryny” isledi.
ABŞ-nyň 3-nji ýanwarda Yragyň paýtagty Bagdatda halkara howa menzilinde Eýranyň ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan Iýerusalim güýjüniň serkerdesi Kasym Süleýmanini öldürilmeginden soň, Eýran 8-nji ýanwarda ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna raketa hüjümini gurapdy.