Amerikan hökümeti ýene-de 7 ýurda wiza çäklendirmesini getirmegi meýilleşdirýär

ABŞ-nyň hökümeti Aziýadan we Afrikadan ýene-de 7 ýurda wiza çäklendirmesini getirmegiň üstünde işleýär

1345772
Amerikan hökümeti ýene-de 7 ýurda wiza çäklendirmesini getirmegi meýilleşdirýär

Amerikan mediasynda berilen habarlarda şol ýurtlaryň Belarus, Eritre, Gyrgyz Respublikasy, Mýanma, Nigeriýa, Sudan we Tanzaniýadygy beýan edilýär.

Ak Tamyň ýokary derejeli resmilerinden biriniň sanawyň henizem doly kesgitlenmändigini we azyndan ýene bir ýurduň goşuljakdygyny aýdandygy habar berilýär.

Görülen taýarlygyň adybir ýurtlaryň raýatlarynyň ABŞ-na gelmegini bökdemeýändigi, emma berilen ýaşaýyş rugsadynyň, syýahatçylyk we söwda maksatly wizalary ýokary mukdarda azaltmagy nazarda tutýandygy nygtalýar.

Beýleki tarapdan meýilnama hakynda giňişleýin maglumat berilmedik hem bolsa, dowam edýän taýarlyklaryň tamamlanmagyndan Ak Tamdan beýannama beriljekdigi mälim edildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iş başyna geçenden bir hepde soň 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Eýrana, Siriýa, Liwiýa, Ýemene, Somala, Çada we Demirgazyk Koreýa syýahat gadagançylygyny goýupdy, kararyň howa menzillerinde giňden protest edilmegi sebäpli egilşik etmeli bolupdy.

Soň “borçlaryny berjaý edendigi” sebäpli Çad sanawdan çykarylypdy, syýahat gadagançylygy ýeňilleşdirilip, ýaňadandan güýje girizilipdi. Emma Gawaýi we Meriland ştatlaryndaky federal kazylaryň ýurt derejesinde karary güýçsiz diýip tapmagy düzgünnamanyň iş ýüzüne geçirilmegine ýol bermändi.

ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti geçen ýylyň iýun aýynda Trampyň käbir musulman ýurtlar bilen bilelikde 7 ýurdy öz içine alýan syýahat gadagançylygyny 4 ses bilen kabul edip, Amerikan konstitutsiýasyna bap gelýändigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar