Müsüriň Prezidenti Sisä garşy Londonda ýöriş geçirildi

“General Sisi ganhor. Bigünä müsürlileriň ganhory”

1344366
Müsüriň Prezidenti Sisä garşy Londonda ýöriş geçirildi

 

Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsonyň çakylygyna laýyklykda Britaniýa-Afrika maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin Londona baran Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisä garşy protest ýörişi geçirildi.

Forumyň geçiriljek ýeri bolan myhmanhananyň öňünde jemleşen protestçylar Sisä we Jonsona garşy şygarlar aýtdy.

Protest ýörişinde Anadoly habarlar  gullugyna beýanat beren Müsüriň Ynkylap geňeşiniň başlygy Dr. Maha Azam “Azat müsürliler Sisiniň Britaniýa guraýan saparyna garşylyk görkezmek üçin bir ýere jemlenişdi”diýdi.

“General Sisi ganhor. Bigünä müsürlileriň ganhory” diýen Azam, Sisiniň halka edýän zulumy sebäpli tussag edilmegi üçin ýüz tutandyklaryny aýtdy.

Müsüriň saýlanan ilknji prezidenti Muhammed Mursi Mursi  2013-nji ýylda Sisi tarapyndan harby agdarlyşyk arkaly wezipesinden çetleşdirlipdi.

 



Degişli Habarlar