Ýemende Husileriň guran howa hüjüminde ýogalanlaryň sany 45 adama ýetdi

Eýran tarapyndan goldanýan Husiler tarapyndan uçarmansyz howa ulagy tarapyndan howa hüjümi guraldy

1343284
Ýemende Husileriň guran howa hüjüminde ýogalanlaryň sany 45 adama ýetdi

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň Marib şäherindäki hökümete degişli harby baza guran howa hüjüminde ýogalanlaryň sany 45 adama ýetdi.

Hüjümde ýogalanlaryň esasy böleginiň esgerlerdigi nygtaldy.

Paýtagt Sananyň gündogarynda ýerleşýän Nehem etrabynda Husiler bilen Ýemeniň harby goşunynyň arasynda düýn bolan çaknyşykda 23 husi başbozar bilen 3 esger ýogalypdy.

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Sana bilen birlikde birnäçe şähere gözegçilik edýär.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Husilere garşy Ýemeniň hökümetine goldaw berýär.

 

 



Degişli Habarlar