Kataryň Emiri Al Sani Eýranda saparda bolýar

Kataryň Emiri Şeýh Temim Bin Hamed Al Sani, Eýrana garaşylmadyk ýagdaýda sapar gurady

1339254
Kataryň Emiri Al Sani Eýranda saparda bolýar

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Al Sanini ýurdyň paýtagty Tähranda taryhy Sadabad köşgünde resmi dabara bilen garşylady. 

Ondan soň iki lider ikiçäk duşuşyk geçirmäge geçdiler. 

Soň bolsa toparara gepleşikler geçirildi. 

Al Sani 2013-nji ýylda Kataryň Emiri bolanyndan soň Eýrana ilkinji gezek sapar guraýar. 

 


Etiketkalar: #sapar , #Eýran , #Katar

Degişli Habarlar