ABŞ Siriýa goşmaça harby güýç ugratdy

ABŞ-nyň goşuny, Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky nebit ýataklarynyň golaýynda ýerleşýän bazalaryna, goşmaça harby güýç ugratdy

1339839
ABŞ Siriýa goşmaça harby güýç ugratdy

Yrak-Siriýa serhedindäki El Welid gapysyndan düýn gije giren 120 ýük ulagyndan ybarat ulag kerweni, Haseke-Deýr-ez-Zor liniýasyndan geçip, ol ýerlerdäki Amerikan bazalaryna bardy.

Ulag kerweninde 4 sany sowutly ulag, 50 sany pikap ulagy, üsti ýapyk ýük ulaglary we köp sanda ýangyç ulaglary bar.

ABŞ, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyndan soň ähli ünsüni, Siriýada ÝPG/PKK-nyň gözegçilik astyndaky nebit ýataklaryna gönükdiripdi.

ABŞ-nyň harby güýçleri, Siriýada Haseke, Rakka we Deýr-ez-Zor welaýatlarynda ÝPG/PKK-nyň gözegçiligi astynda sebitlerde jemi 11 harby bazada we nokatda barlygyny dowam etdirýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 23-nji oktýabrda beren beýanatynda, ýurdyň gündogaryndaky nebit ýataklaryny howpsyzlyk astyna alandyklaryny we ol ýerlerde bir bölek amerikan esgeriniň galjakdygyny habar beripdi.


Etiketkalar: #Siriýa , #ABŞ , #harby , #esger

Degişli Habarlar