Eýran uçar heläkçiligi sebäpli ötünç sorady

"Uly heläkçilige sebäp bolan ýalňyşlyga uly gynanç bildirýäris”

1338789
Eýran uçar heläkçiligi sebäpli ötünç sorady
muhammed zarif.jpg

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Ukraina degişli ýolagçy uçarynyň ýalňyşlyk bilen urlup düşürilmegi barada “Bu ýalňyşlygy goýberenleriň günäsi geçilip bilinmez we olar hakynda kazyýet işi gozgalar” diýdi.

Ruhani, “Ynsanyň goýberen ýalňyşlygy netijesinde raketanyň uçurulmagy onlarça adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Uly heläkçilige sebäp bolan ýalňyşlyga uly gynanç bildirýäris” diýdi.

Prezident Hasan Ruhani; “Bu ýönekeý mesele däl. Heläkçiligiň sebäbi we oňa sebäp bolanlar hakynda giňişleýin derňew işi geçirilmeli. Mundan başgada şuňa meňzeş heläkçilikleriň indi gaýtalanmazlygy üçin ýurduň howa goranyş ulgamlaryndaky kemçilikleriň ortadan aýrylmagy üçin degişli çäreler görülmeli” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif hem Ukrainanyň howa ýollarynda degişli ýolagçy uçarynyň ýalňyşlyk bilen urup düşürlendigi sebäpli ötünç sorady.

 

 

 

 



Degişli Habarlar