Pompeo bilen Stoltenberg Eýran tarapyndan abanýan howplar hakynda pikir alyşdy

Pompeo, NATO-nyň Ýakyn Gündogarda uly jogapkärçilik almalydygyna aýratyn ünsi çekdi

1338460
Pompeo bilen Stoltenberg Eýran tarapyndan abanýan howplar hakynda pikir alyşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Eýran tarapyndan abanýan howplar hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Morgan Ortagus, Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen NATO-nyň Baş sekretary Stoltenbergiň telefon arkaly geçiren söhbetdeşligi barada ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda, resmi Tähranyň eýranly general Kasym Süleýmaniniň öldürilmeginiň aryny almak üçin ABŞ-nyň Yrakdaky Aýn Al Asad howa bazasyna guran raketa hüjümi meselesiniň seljerlendigi nygtaldy.

Beýanatda, Pompeonyň, NATO-nyň Ýakyn Gündogarda uly jogapkärçilik almalydygyna aýratyn ünsi çekendigi bellenildi.

Pompeo bilen Stoltenbegiň telefon söhbetdeşliginde Eýranyň sebiti durnuksyzlaşdyrýan hereketlerini ýazgarandygy we DAİŞ-e garşy göreşiň ähmiýetine ünsi çekendigi bellenildi.

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň, Eýran tarapyndan guralan raketa hüjümlerini ýazgarandygy nygtaldy.

 

 



Degişli Habarlar