Katar, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär

Katar dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin dost we doganlyk ýurtlar bilen gepleşik geçirýär

1337605
Katar, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär

 

Katar, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin dost ýurtlar bilen gepleşik geçirýändigini mälim etdi.

Kataryň Daşary işler ministri Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani, Twitterden beren beýanatynda, ýurdunyň Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň İýerusalym güýjüniň serkerdesi Kasym Süleýmaniniň we Haşdi Şabiniň başlygynyň orunbasary Abdu Mehdi Al Mühendisiň öldürilmegi wakasy bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtady.

Sebitiň ynjyk döwürden geçýändigine ünsi çeken Al Sani, ýurdunuň, dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin dost we doganlyk ýurtlar bilen gepleşik geçirýändiklerini belledi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň İýerusalym güýjüniň serkerdesi Kasym Süleýmaniniň we Haşdi Şabiniň başlygynyň orunbasary Abdu Mehdi Al Mühendisiň 3-nji ýanwarda Bagdatdaky howa menziliniň golaýynda guralan hüjümde öldürlendigini mälim etdi.

 

 

 



Degişli Habarlar