Tramp, Eýranyň, ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna guran hüjüminde adam pidalarynyň ýokdygyny belledi

“Kasym Süleýmani has ir öldürilmelidi”

1337350
Tramp, Eýranyň, ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna guran hüjüminde adam pidalarynyň ýokdygyny belledi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Eýranyň, ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna guran hüjüminde  adam pidalarynyň ýokdygyny aýtdy.

Donald Tramp, paýtagt Waşingtonda Eýran bilen ýurdunyň arasyndaky dartgynlyk barada metbugata  beýanat berdi.

“Kasym Süleýmani has ir öldürilmelidi” diýen Tramp, Süleýmaniniň öldürilmegi bilen Eýrana möhüm ýüzlenme berlendigini aýtdy.

Eýranyň, ÝB-ne agza ýurtlar bilen gazanan ýadro ylalaşygyndan soň “deňagramlylygyny ýitirendigini” öňe süren Tramp, “Eýran indi ýadro maksatnamasyndan ýüz öwürmeli” diýdi.

Donald Tramp şeýle hem Germaniýa, Fransiýa, Hytaý ýaly ýurtlaryň resmi Tährana berýän goldawyndan ýüz öwürmeklerini isledi.

NATO hem çagyryş beren Tramp, NATO-nyň Ýakyn Gündogarda uly jogapkärçilik  almagyny isledi.

Tram, öňünden habar beriş ulgamy sebäpli Eýranyň, ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna guran hüjüminde yrakly ýada amerikaly ýogalanyň ýokdygyny belledi.

Tramp Eýrana täze sanksiýalaryň goýuljakdygyny hem sözleriniň üstüne goşdy.

Eýran, general Kasym Süleýmaniniň ABŞ tarapyndan guralan operasiýasynda anna güni Yragyň paýtagty Bagdatda öldürilmeginden soň, şu gün ABŞ-nyň Yrakdaky Al Asad we Erbil şäherindäki harby bazasyna raketa hüjümini gurady.

Eýranyň döwlet telewideniýesi Kasym Süleýmaniniň aryny almak üçin guralan hüjümlerde amerikaly 80 esgeriň öldürlendigini habar beripdi.


Etiketkalar: #sanksiýa , #Donald Tramp , #ABŞ

Degişli Habarlar