Yragyň mejlisi ABŞ-nyň harby güýjüniň ýurtdaky barlygyny maslahatlaşýar

Yragyň Mejlisi ABŞ-nyň harby güýjüniň ýurtdaky barlygyny maslahatlaşmak maksady bilen ýygnandy

1335005
Yragyň mejlisi ABŞ-nyň harby güýjüniň ýurtdaky barlygyny maslahatlaşýar

Mejlisden berilen ýazmaça beýanata görä, mejlis Muhammed Al-Halbusiniň ýolbaşçylygynda ýygnandy. 

Şaýy deputatlar, maslahat başlamadan ozal ABŞ-e garşy şygarlar aýtdylar. 

Yragyň Premýer ministri Adil Abdülmehdiniň hem gatnaşýan maslahatda, ABŞ-nyň harby güýjüniň ýurtdaky barlygy maslahatlaşylar. 

Yragyň mejlisiniň Eýranly serkerde Kasym Süleýmaniniň we Haşdi Şabi söweşijileriniň başlygynyň orunbasary Abu Mehdi Al Mühendisiniň Bagdatda ABŞ-nyň guran hüjüminde öldürilmeginden soň, ýurtdaky ABŞ-nyň harby güýjüniň çykarylmagy üçin karar kabul edilmegine garaşylýar. 

 



Degişli Habarlar