Süleýmani we Mühendis üçin jynaza çäreleri geçirildi

Süleýmani üçin duşenbe güni Tähranda uly bir jynaza çäresi geçiriler, sişenbe güni bolsa ol öz dogduk ýeri Kirmanda jaýlanar

1334778
Süleýmani we Mühendis üçin jynaza çäreleri geçirildi

ABŞ-nyň hüjüminde öldürilen eýranly serkerde Kasym Süleýmani we beýleki 7 adam üçin ilkinji jynaza çäresi Yragyň paýtagty Bagdat şäherinde geçirildi.

Jynazalar Ymam Kazym aramgähine alynyp gidildi.

Jynaza çäresi üçin müňlerçe adam şäheriň merkezine üýşdi.

Ymam Kazym aramgähinde geçirilen çäreden soň, jynazalar on müňlerçe adamyň gatnaşmagynda Azatlyk meýdançasyna alynyp gidildi. Ol ýerde ABŞ-e we Ysraýyla garşy şygarlar aýdyldy.

Çärä Yragyň Premýer ministri Adil Abdülmehdi bilen birlikde yrakly deputatlar we Şaýy din adamlary gatnaşdy.

Bagdatdaky çäreden soň Süleýmaniniň we Mühendisiň jynazalary Kerbela şäherine alynyp gidildi. Kerbeladaky Ymam Hüseýin we Ymam Abbas aramgählerinde geçirilen çärelerden soň Nejef şäherine geçildi.

Nejefde okalan jynaza namazyndan soň Abu Mehdi Al Mühendis ol ýerde jaýlandy.

Kasym Süleýmani üçin bolsa şu gün irden Eýranyň Ahwaz şäherinde jynaza çäresi geçirildi, Süleýmaniniň jynazasy şu gün günortan Maşad şäherine alynyp gidiler.

Süleýmani üçin duşenbe güni Tähranda uly bir jynaza çäresi geçiriler, sişenbe güni bolsa ol öz dogduk ýeri Kirmanda jaýlanar.

Jynaza çäresinden ozal Kum şäherinde ýerleşýän gadymy Jemkeran metjidiniň gubpasyna ar almagyň siwmoly bolan gyzyl baýdak asyldy.



Degişli Habarlar