Eýranda ABŞ-na garşy ýöriş geçirildi

“Ýok bolsun Amerika”

1334326
Eýranda ABŞ-na garşy ýöriş geçirildi
iran abd karsiti gosteriler2.jpg
iran abd karsiti gosteriler1.jpg

 

Eýranda Juma namazyndan soň birnäçe şäherde geçirlen ýörişlerde Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan İýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmaniniň ABŞ tarapyndan guralan howa hüjüminde öldürilmegine berk garşylyk görkezildi.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, paýtagt Tährandaky Ymam Humeýni Musalla metjidinde Juma namazyndan soň müňlerçe adamyň gatnaşmagynda ýöriş geçirildi.

Ýörişlerde Süleýmaniniň Yragyň paýtagty Bagdatda ABŞ-nyň guran raketa hüjüminde öldürilmegine berk garşylyk görkezildi.

Kirman, Kum we Zahidan ýaly uly şäherlerde  şol bir wagtda geçirlen ýörişlerde “Ýok bolsun Amerika”, “Ýok bolsun Ysraýyl” diýlen şygarlar göterildi.


Etiketkalar: #juma , #ýöriş , #Eýran

Degişli Habarlar