Taýwanda harby dik uçaryň ýere gaçdy

Taýwanda harby resmileri alyp barýan dik uçaryň ýere gaçmagy netijesinde Baş ştabyň Başlygy Şen Ýi-min aradan çykdy

1333388
Taýwanda harby dik uçaryň ýere gaçdy

Taýwanyň “Merkezi habar” gullugynyň Goranmak ministrliginden berilen beýannama esaslandyrýan habarynda, heläkçilikde Baş ştabyň Başlygy Şen we Harby howa güýçleriniň serkerdesi Hsiung Hou-çi bilen bilelikde 8 adamyň aradan çykandygy mälim edilýär.

Habarda “UH-60M Blak Hawk” kysymly dik uçaryň Täze Taipeiniň Wulai etrabynyň daglyk bölegine gaçandygy nygtalýar.

Ertiriň irki sagatlarynda bolan heläkçilikden soň dik uçardaky 13 adamdan 5 sanysynyň halas bolandygy barada aýdylýan habarda, dik uçaryň daglyga gaçmazdan ozal ýerli wagt boýunça 08:07-de radardan ýitendigi beýan edilýär.

“Blak Hawk” kysymly dik uçaryň Hytaý täze ýylyndan ozal barlag üçin Taipeiden demirgazykdaky Ýilana barýandygy beýan edildi.



Degişli Habarlar