Indoneziýada sil sebäpli ýogalanlaryň sany 21 adama ýetdi

Ýolbaşçylar ýagyşlaryň dowam etjekdigi sebäpli halka has ünsleri bolmaklary barada duýduryş berýär

1333466
Indoneziýada sil sebäpli ýogalanlaryň sany 21 adama ýetdi

 

Milli apat gullugy tarapyndan berlen beýanatda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli paýtagt Jakartada, Depok, Bekasi we Bogor şäherlerinde ýogalanlaryň sanynyň 21 adama ýetendigi nygtaldy.

Ygyziderli ýagdaýda ýagýan aşa köp ýagyşlaryň ýeriň süýşmegine we derýalaryň daşmagyna sebäp bolandygy bellenildi.

Paýtagt Jakartada apat sebäpli 31 müň adamyň başga ýere göçürlendigi ýatladyldy.

Ýolbaşçylar paýtagtda soňky 7 ýylyň iň uly sil apatynyň başdan geçirilýändigini nygtaýar we ýagyşlaryň dowam etjekdigi sebäpli halka has ünsleri bolmaklary barada duýduryş berýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar