Tramp Eýrana berk duýduryş berdi

"ABŞ-na degişli haýsydyr bir merkeze hüjüm guralan halatynda Eýran şol hüjümlerden jogapkär hasap ediler we jerimesini tölär"

1333002
Tramp Eýrana berk duýduryş berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Yrakda Amerika degişli haýsydyr bir merkeze hüjüm guralan halatynda şol hüjümlerden Eýranyň jogapkär boljakdygyny we degişli jogabyň beriljekdigini aýtdy.

Tramp ABŞ-na degişli haýsydyr bir merkeze hüjüm guralan halatynda Eýran şol hüjümlerden jogapkär hasap ediler we jerimesini tölär. Bu bir duýduryş däl eýsem hemle” diýdi.

Donald Tramp Yrakdaky soňky wakalar hakynda beren beýanatynda, ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasynda berk howpsyzlyk çäreleriniň görlendigini, Amerikaly esgerleriň bir böleginiň howpsyz ýere ornaşdyrlandygyny belledi.

Tramp Yragyň Prezidenti Berhem Salih bilen Premýer ministri Adil Abdülmehdä hem, ABŞ-nyň çagyryşyna gulak asandyklary üçin sagbolsun aýtdy.

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #ABŞ , #duýduryş , #hemle

Degişli Habarlar