Owganystanda bolan çaknyşykda 7 howpsyzlyk işgäri ýogaldy

Taliban çaknyşykda 16 howpsyzlyk işgäriniň öldürlendigini öňe sürdi

1332953
Owganystanda bolan çaknyşykda 7 howpsyzlyk işgäri ýogaldy

Owganystanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Tahar welaýatynyň Darkad etrabynda Talibanly başbozarlar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 7 howpsyzlyk işgäri ýogaldy.

Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Halil Esir, başbozarlaryň Darkadyň Garadepe etrapçasyndaky howpsyzlyk merkezine hüjüm etmeginden soň çaknyşygyň bolandygyny nygtady.

Çaknyşykda 7 howpsyzlyk işgäriniň ýogalandygyny aýdan Esir, 2 howpsyzlyk işgäriniň hem ýaralanandygyny belledi.

Taliban tarapyndan berlen beýanatda bolsa, çaknyşykda 16 howpsyzlyk işgäriniň öldürlendigi öňe sürüldi.



Degişli Habarlar