“Ukraina bilen Russiýa üstaşyr gaz geçirilmegi boýunça ylalaşdylar”

Miller Ukraina bilen Russiýanyň arasynda üstaşyr gaz geçirmek hakyndaky şertnamanyň möhletiniň uzaldylmagy baradaky ylalaşyga gol çekişilendigini beýan etdi

1332265
“Ukraina bilen Russiýa üstaşyr gaz geçirilmegi boýunça ylalaşdylar”

Gazpromyň Başlygy Alekseý Miller Ukraina bilen Russiýanyň arasynda üstaşyr gaz geçirmek hakyndaky şertnamanyň möhletiniň uzaldylmagy baradaky ylalaşyga gol çekişilendigini beýan etdi

Miller rus ve ukrain resmileriň arasynda Avstriýanyň paýtagty Vena şäherinde 5 günden bäri dovam edýän gepleşiklerden soň žurnalistlere beýannama berdi.

Geçirilen gepleşiklerden soň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky tebigy gaz hakyndaky şertnamasy boýunça netijä gelinendigini aýdan Miller: “Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda köp sanly şertnama bağlaşyldy. Şol ylalaşyklar taraplaryň bähbitleri boýunça deňagramlylygy ýaňadandan üpjün edýän uly ylalaşyklar bukjasy” diýdi.

Ylalaşyklaryň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky üstaşyr gaz akdylmagy hakyndaky şertnamanyň möhletiniň uzaldylmagyny hem öz içine alýandygyne ünsi çeken Miller: “Şu günden başlap ylalaşyklar kanunylaşar ve rus gazyny 2019-njy ýylyň 31-nji dekabryndan soň hem Ukrainanyň üstaşyr akdyrylmagyna şert döredýär” diýdi.

Ukrainanyň dövlet Ýolbaşçysy Vladimir Zelenskiý hem “Facebook” arkaly beýan eden garaýyşynda ýurdy blen Russiýanyň arasynda gazanylan tebigy gaz ylalaşygyyň 5 ýyl möhletlidigine ünsi çekip: “Üstaşyr geçiş şertnamasyndan degişli dövürde 7 milliard dollardan govrak girdeji almaga garaşýarys. İki tarapyň hem şertnamany 10 ýyl uzaltma hukugy saklanýar. Şertnama görä Ukrainanyň üstaşyr birinji ýyl 65 milliard m3, soňky dövürde ýylda 40 milliard m3 tebigy gaz akdyrylar” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar