Hytaýa degişli gämiler ýapon suw giňişligine girdi

Ýaponiýa Hytaýa degişli 4 sany patrul gämisiniň Senkaku adalarynyn golaýynda ýapon suw giňişligine rugsatsyz geçendigini beýan etdi

1331869
Hytaýa degişli gämiler ýapon suw giňişligine girdi

Gündogar Hytaý deňizindäki Senkaku adalaryndan biri bolan Kubaşima adasynyň ýalpaklarynda şu gün irden ýerli wagt boýunça 11:00-da bolandygy habar berilen wakadan soň Ýaponiýanyň Kernarýaka howpsyzlyk güýçleri gämileriň gitmegi üçin duýduryş berdi.

Beýleki tarapdan Ýaponiýanyň hökümeti meseläni seljermek üçin ministrler kabinetinde iş toparyny döretdi.

Ýaponiýanyň gözegçilinde bolan, emma Hytaý bilen Taýwan tarapyndan hak talap edilýän Senkakuk adalary ýygy-ýygydan düzgün bozmalar bilen gün tertibine gelýär.

Ýaponiýa şu gün Hytaýa degişli gämiler tarapyndan Senkakuk adalarynyn golaýynda bolan serhet bozma wakasynyn şu ýylky 32-nji wakadygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar