Germaniýanyň metbugaty: Merkel Ankara sapar gurar

Göç tolkunyna alada bildirýän Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, ýanwar aýynda Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Ankarada duşuşyk geçirmegi meýilleşdirýär

1330585
Germaniýanyň metbugaty: Merkel Ankara sapar gurar

Germaniýada çap edilýän Süddeutsche Zeitung atly gazediň berýän habaryna görä, Angela Merkel ýanwar aýynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirmek üçin Ankara sapar gurar.

Duşuşykda bosgun krizisi, Siriýadaky hadysalar we Türkiýäniň esger ibermegi meýilleşdirýän Liwiýa meseleleriniň ara alynyp maslahatlaşyljakdygy aýan edildi.

Habarda, Merkeliň Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda 2016-njy ýylda gazanylan bosgunlar bilen baglanşykly ylalaşyga alada bildirýändigi öňe sürüldi.

Merkeliň aladalanmagynyň sebäbiniň bolsa Türkiýäniň Siriýa serhedinde we grek adalarynda barha artýan bosgunlaryň sany diýip mälim edildi.

Prezident Erdogan geçen hepdäniň ýekşenbe güni Siriýanyň Idlib şäherinde artan çaknyşyklardan soň serhede tarap barha artýan bosgun tolkunynyň bardygyny, Türkiýäniň bu agyr ýüki ýeke başyna öz üstüne almak niýetiniň ýokdugyny habar berdi.



Degişli Habarlar