Talibanly başbozarlar 27 adamy zamun aldy

Terror guramasy Talibana agza terrorçylar, Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatynda Halk Parahatçylyk hereketiniň 27 agzasyny zamun aldy

1329595
Talibanly başbozarlar 27 adamy zamun aldy

Farahyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Muhibbullah Muhib, metbugata beren beýanatynda Halk Parahatçylyk hereketiniň 27 agzasynyň, Farah welaýatynyň Balabuluk etrabynda Talibana agza terrorçylar tarapyndan zamun alynandygyny habar berdi. 

Halk Parahatçylyk hereketiniň agzalarynyň parahatçylygyň möhümdigini düşündirmek üçin welaýat-welaýat aýlanyp, halk bilen duşuşyklar geçirýändigini aýdan Muhib, zamun alynanlaryň nirdedigini bilmeýändiklerini aýan etdi. 

Muhib zamun alynanlaryň azat edilmekleri üçin işleriň geçirilýändigini mälim etdi. 

Taliban tarapyndan bolsa mesele bilen bagly entek beýanat berilmedi. 

 


Etiketkalar: #Taliban , #Farah welaýaty

Degişli Habarlar