“Boingiň” Baş müdiri wezipesinden çekildi

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän awiasiýa kompaniýasy “Boingiň” Baş müdiri Dennis Muýbenburg wezipesinden çekildi

1329495
“Boingiň” Baş müdiri wezipesinden çekildi

“Boingden” berilen beýannamada Muýlenburgyň wezipesini wagtlaýynça kompaniýanyň Maliýe işlerinden jogapkär ýolbaşçysy Grek Smitiň ýerine ýetirjekdigi habar berildi.

Beýannamada 2020-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan başlap Dolandyryjylar geňeşiniň Başlygy Dewid Kalhonyň Baş müdirlik wezipesini dowam etdirjekdigi nygtaldy.

Muýlenburgyň arzasynda: “Kompaniýa bolan ynamy ýaňadandan dikeltmek üçin dolanşykda özgertme edilmelidi” diýilýär.

Geçen ýyl İndoneziýada we Efiopiýada 345 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan heläkçiliklerden soň taryhynyň iň agyr çökgünligini başdan geçiren “Boingiň” Baş müdiri Muýlenburg, kompaniýanyň global çölgünliginiň öňüni alyp bilmändigi sebäpli berk tankyt edilipdi.

Yzly yzyna başdan geçirilen uçar heläkçilikleri we soňky gezek “Boingiň” Halkara älem bekedine hünärmen gatnatmak üçin öndüren, emma uçuş synagynda orbita meýilleşdirilişi ýaly ornaşmadyk “Starlaýner” hemrasynyň dünýä dolanmagynyň Dennis Mýulenburgyň wezipeden çekilmeginiň esasy sebäplerinden biri bolandygy beýan edilýär.



Degişli Habarlar