Siriýanyň Jerablus etrabynda terrorçylykly hüjümler guraldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1329413
Siriýanyň Jerablus etrabynda terrorçylykly hüjümler guraldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Jerablus etrabynyň merkezinde terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň, elde ýasalan partlaýjy madda ýüklenen 2 motosikli uzakdan pult bilen partlatmagy netijesinde asuda ilatdan 14 adam ýaralandy.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza terrorçylaryň, Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitiniň çägindäki Jerablus etrap merkezinde ýene-de bigünä adamlary nyşana alynyp hüjüm gurandygy mälim edildi.

Beýanatda, elde ýasalan bomba ýüklenen 2 motosikli uzakdan pult bilen partladan terrorçylaryň, aralarynda çagalar hem bolan asuda ilatdan 14 adamy ýaralandygy aýan edildi.


Etiketkalar: #beýanat , #Siriýa , #Jerablus

Degişli Habarlar