Meksika serhedine howpsyzlyk diwarynyň örülmegi üçin 1,37 milliard dollarlyk bujet bölünip berildi

Wekiller Palatasy bilen Senadyň arasynda serhetleriň howpsyzlygy bukjasy meselesinde düşnüşmezlik başdan geçirilýär

1324639
Meksika serhedine howpsyzlyk diwarynyň örülmegi üçin 1,37 milliard dollarlyk bujet bölünip berildi

 

ABŞ-da Kongres, Prezident Donald Trampyň Meksika serhedine howpsyzlyk sebäpli örmegi meýilleşdirýän diwarynyň  gurluşygy üçin 1,37 milliard dollarlyk bujetiň bölünip berilmegini tassyklady.

ABŞ-da çap edilýän The Hill gazetinde berlen habara görä, demokratlaryň gözegçiligi astyndaky Wekiller Palatasy bilen respublikaçylaryň gözegçiliginde bolan Senadyň arasynda serhetleriň howpsyzlygy bukjasy meselesinde düşnüşmezlik başdan geçirilýär.

Habarda serhetleriň howsyzlygy bilen arabaglanşykly ýokarda ady agzalýan mukdaryň Amerikan federal hökümetiniň 2020-njy ýyldaky maliýe bujet taslamasyna alynandygy ýatladyldy.

Senadyň, Prezident Tramp tarapyndan diwar üçin islenen 5 milliard dollarlyk bujet bukjasyny tassyklandygyna garamazdan Wekiller palatasynyň şol mukdary kabul etmändigini emma ABŞ-nyň hökümetiniň işiniň ýaňadandan bes edilmezligi üçin 1,37 milliard dollarlyk bujetiň bölünip berilmeginde ylalaşyk gazanylandygy nygtaldy.


Etiketkalar: #diwar , #serhet , #Meksika

Degişli Habarlar