Russiýanyň ýarag eksporty 13 milliard dollara barabar boldy

Sanksiýalara garamazdan Russiýa halkara ýarag bazarynda esasy orun eýelemäge dowam edýär

1324258
Russiýanyň ýarag eksporty 13 milliard dollara barabar boldy

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, şu ýyl ýarag eksportynyň geçen bilen deňeşdirilende ýokarlandygyny we 13 milliard dollara barabar bolandygyny aýtdy.

Putin daşary ýurtlar bilen harby we tehniki taýdan edilýän gatnaşyklar komissiýasynyň maslahatynda eden çykyşynda Russiýanyň ýarag söwdasy hakynda maglumat berdi.

Russiýanyň ýarag we harby enjam eksportynyň artandygyna ünsi çeken Putin “Şu ýyl 13 milliard dollarlyk ýarag satdyk. Şol san geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2 milliard dollardan gowrak artdy. Sanksiýalara garamazdan Russiýa halkara ýarag bazarynda esasy orun eýelemäge dowam edýär” diýdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #eksport , #Russiýa , #ýarag

Degişli Habarlar