Katar palestinaly bosgunlara 20,7 million dollarlyk ýardam berer

Kataryň 2019-njy ýyldan bäri UNRWA beren ýardamlary 40 million dollara ýetdi

1323805
Katar palestinaly bosgunlara 20,7 million dollarlyk ýardam berer

Katar palestinaly bosgunlara ýardam guramasy UNRWA 20,7 million dollarlyk ýardam berdi.

UNRWA tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, Katarda geçirlen 19-njy Doha forumynyň çäginde Kataryň Galkynyş banky bilen UNRWA-nyň arasynda 20,7 million dollarlyk ýardam şertnamasy baglaşyldy.

Beýanatda ady agzalýan ýardamyň Siriýadaky söweş sebäpli uly ýitgi çeken Palestinalylaryň saglygynyň goralyp saklanmagy we çagalara bilim berilmegi üçin sarp ediljekdigi nygtaldy.

Ady agzalýan ýardam bilen birlikde Kataryň 2019-njy ýyldan bäri UNRWA beren ýardamlarynyň 40 million dollara ýetendigi bellenildi.

1949-njy ýylda döredilen UNRWA Günbatar Şeriada, Gazada, İýerusalymda, Liwanda we Siriýada 5 milliondan gowrak bosguna ýardam berýär.

 


Etiketkalar: #Palestina , #bosgun , #ýardam , #Katar

Degişli Habarlar