ABŞ Owganystandan ýene-de 4 müň esgerini yza çekmegi meýilleşdirýär

CNN telewideniýe kanaly mesele bilen bagly beýanat berdi

1323738
ABŞ Owganystandan ýene-de 4 müň esgerini yza çekmegi meýilleşdirýär

CNN telewideniýe kanalynyň ABŞ-ly bir resmä esaslanyp beren habaryna görä, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Owganystanda bar bolan 13 müňe golaý amerikan esgeriniň takmynan 1/3 bölegine barabar bolan 4 müň esgeri yza çekmegi meýilleşdirýär.

Trampyň ozal hem belläp geçen meselesi bolan, Owganystandaky amerikan esgerleriniň sanyny azaltmak baradaky meýilnamasyny Taliban bilen geçirilýän gepleşikleriň ýaňadandan başlamagyndan soň ýerine ýetirmek islemegi ünsleri özüne çekdi.

CNN telewideniýe kanalynyň berýän habaryna görä, ABŞ 2001-nji ýyldan bäri Owganystandaky söweşde 133 milliard dollar sarp etdi. 2 müň 300 amerikan esgeriniň ýogalan Owganystanda, 58 müňden gowrak owgan esger we 38 müň asuda ilat, takmynan 42 müň başbozar öldi.

Tramp ABŞ bilen Talibanyň arasynda 2018-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri dowam edýän parahatçylyk gepleşiklerini, 5-nji sentýabrda Owganystandaky ABŞ-ly esgerlere guralan we jogapkärçiligini Talibanyň öz üstüne alam bombaly hüjümden soň goý bolsun edipdi.

Donald Tramp, noýabr aýynda ABŞ-nyň Owganystandaky harby bazalarynyň birine guran saparynda Taliban bilen ylalaşmak isleýändigini aýan edipdi we gepleşikler şondan soň ýaňadandan başlapdy.


Etiketkalar: #ABŞ , #Taliban , #Owganystan , #CNN

Degişli Habarlar