ABŞ Alžiriň täze prezidentini gutlady

" Abdulmejid Tebbun bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýarys"

1323285
ABŞ Alžiriň täze prezidentini gutlady

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Morgan Ortagus, Alžirde geçirlen prezident saýlawlarynda üstünlik gazanan Abdulmejid Tebbun bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýandyklaryny aýtdy.

Ortagus, Alžirde geçirlen saýlawlar hakyndaky beren ýazmaça beýanatynda, iki ýurduň arasyndaky özara bähbide ünsi çekdi.

Ortagus beýanatynda “ABŞ Alžirde geçirlen prezident saýlawlarynda üstünlik gazanan Abdulmejid Tebbuny mähirli gutlaýar we Tabbun bilen sebitiň durnuklylygy we asudalygy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge sabyrsyzlanýarys” diýdi.

Abdulmejid Tebbun Alžirde penşenbe güni geçirlen saýlawlarda sesleriň 58 göterimini alyp ýurduň täze prezidenti bolupdy.

 


Etiketkalar: #gutlag , #Alžir , #ABŞ

Degişli Habarlar