ABŞ-nyň sanksiýa taýarlygy Germaniýada reaksiýa döretdi

ABŞ-nyň Demirgazyk Akym 2 taslamasy sebäpli Germaniýa sanksiýa goýmaga taýarlanmagy ýurtda reaksiýa döredi

1322356
ABŞ-nyň sanksiýa taýarlygy Germaniýada reaksiýa döretdi

Daşary işler ministri Heiko Maas beren ýazmaça beýannamasynda sanksiýa goýmak hakyndaky karary berk tankyt etdi.

Maas: “Ýewropanyň energiýa syýasatyna ABŞ-da däl, eýsem Ýewropada karar berilýär. Daşarky goşulyşmalary we sanksiýalary kabul etmeýäris” diýip nygtady.

ABŞ-da taýarlanan we geljek hepde Senatda ara alynyp maslahatlaşyljak kanun taslamasyna görä Demirgazyk Akym 2 taslamasynyň gurluşygyna gatnaşýan firmalara sanksiýa goýulmagy nazarda tutulýar.

Taslamada şol firmalaryň ýolbaşçylarynyň wizalarynyň bes edilmegi bilen firmalaryň ABŞ-daky emläkleriniň saklanmagy islenýär.

Demirgazyk Akym 2 taslamasy bilen rus gazynyň Germaniýa akdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Baltika deňiziniň aşağyndan çekiljek iki tebigy gaz liniýasy bilen ýylda 55 milliard m3 tebigy gazyň Germaniýa akdyrylmagy maksat edinilýär.



Degişli Habarlar