Neşe söwdasyny edýän meksikaly guramalaryň “terror guramasy” hökmünde yglan edilmegi etaby saklandy

Tramp, neşe söwdasyny edýän meksikaly guramalaryň “terror guramasy” hökmünde yglan edilmegi etabyny wagtlaýyn saklandygyny belledi

1319253
Neşe söwdasyny edýän meksikaly guramalaryň “terror guramasy” hökmünde yglan edilmegi etaby saklandy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Meksikanyň Prezidenti Anders Manuel Lopes Obradoryň talabyna laýyklykda neşe söwdasyny edýän meksikaly guramalaryň “terror guramasy” hökmünde yglan edilmegi baradaky etabyň wagtlaýyn saklanandygyny mälim etdi.

Tramp Twitterden beren beýanatynda, Meksikada neşe söwdasyny edýän guramalaryň “terror guramasy” hökmünde yglan edilmegi baradaky etabyň tamamlanandygyny we ähli taýarlyklaryň görlendigini nygtady.

Donald Tramp “Emma uly sarpa goýýan we biziň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän Meksikanyň Prezidenti Anders Manuel Lopes Obradoryň çakylygyna laýyklykda şol etaby wagtlaýyn saklaýarys. Şol guramalara garşy anyk çäre görmek üçin birlikde işleşmäge dowam ederis” diýdi.

 

 

 


Etiketkalar: #Meksika , #ABŞ , #neşe söwdasy

Degişli Habarlar