Peskow ykdysady taýdan zyýanly bolan ýaraglanşyk üçin bäsleşmejekdiklerini beýan etdi

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Soçide NATO-nyň Liderler maslahaty barada beýanat berdi

1317525
Peskow ykdysady taýdan zyýanly bolan ýaraglanşyk üçin bäsleşmejekdiklerini beýan etdi

NATO-nyň býujetini artdyrmak baradaky meýilnamalaryny tankyt eden Peskow; “Şol ugurda edilen başlangyçlar hyzmatdaşlygyň ekspluatirleýiji syýasatlaryna bildirýan aladalarymyzyň ýerliklidigini görkezýär. Ol bizi aladalandyrýar” diýdi.

Russiýanyň NATO bilen ýaraglanşyk boýunça bäsleşige girmegi göz öňünde tutmaýandygyny beýan eden Peskow: “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň ozalam belläp geçişi ýaly ykdysady taýdan zyýanly bolan ýaraglanşyk bäsleşigine girmeris” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg birnäçe gün ozal beren beýanatynda NATO-nyň býujetiniň 2024-nji ýyla çenli 400 milliard dollara ýetiriljekdigini aýdypdy.



Degişli Habarlar