Ruslar 2020-nji ýylyň iýul aýyndan başlap ýerli tehnologiýalary ulanarlar

Putin rus meýilleşdirmesine eýe bolmadyk öýjükli telefonlaryň kompýuterleriň satuwynyň gadagan edilmegi hakyndaky karary tassyklady

1316511
Ruslar 2020-nji ýylyň iýul aýyndan başlap ýerli tehnologiýalary ulanarlar

Russiýanyň Döwlet kanunçylygynyň maglumat ulgamynda neşir edilen kanuna laýyklkkda ýurtda 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap satylýan ähli öýjükli telefonlaryn, kompýuterleriň we telewizorlaryň fabrik gurnamasy rus maksatnamalary bilen işlemeli.

Kanunyň haýsy harytlara degişli boljakdygy we maksatnamalaryň şol enjamlara gurnaýyş möhleti baradaky maglumatlaryň rus hökümeti tarapyndan kesgitlenmegi barada kanuna laýyklykda düzgüni berjaý etmeýän firmalara agyr jerimeler salynar.

Rus resmileri kanun bilen rus maglumat tehnologiýalary firmalarynyň bäsdeşlik ukybynyň hasam güýçlenjekdigii we sarp edijileriň hukuklarynyň hem goraljakdygyny beýan edýän bolsa, käbir hünärmenler rus maglumatlar tehnologiýasy pudagynda çykgynsyzlyga sebäp boljakdygyna ünsleri çekýärler.



Degişli Habarlar