Putin, Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ukrainanyň gündogaryndaky krizis bilen bagly Normandiýa Dörtlüginiň liderler maslahaty 9-njy dekabrda Fransianyň paýtagty Parižde geçiriler

1312606
Putin, Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen Normandiýa Dörtlüginiň liderler maslahatyndan ozal telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Kreml tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň Gara deňiziň Kerç bogzynyň golaýynda ele salan ukrain harby gämilerini, Ukraina gowşurmagy bilen bagly meseleleriň ara alynyp maslahatlaşylandygy habar berildi.

Beýanatda, Russiýanyň we Ukrainanyň arasyndaky tebigy gaz üpjünçiligi we Russiýanyň gazynyň Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa iberilmegi bilen bagly meseleleriň jikme-jik ýagdaýda ele alynandygy aýan edildi.

Ukrainanyň gündogaryndaky krizis bilen bagly Normandiýa Dörtlüginiň liderler maslahaty 9-njy dekabrda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriler.



Degişli Habarlar