Yrakda dowam edýän protest ýörişlerinde 319 adam ýogaldy

Yrakdaky protestçylar, Tahrir meýdanynyň golaýyndaky Hyllani meýdany bilen Sinek köprüsine ýerleşdi

1307607
Yrakda dowam edýän protest ýörişlerinde 319 adam ýogaldy

Yragyň paýtagty Bagdatda protestçylar, Tahrir meýdanynyň golaýyndaky Hyllani meýdany bilen Sinek köprüsine ýerleşdi.

Paýtagt Bagdatda ýerleşýän ady agzalýan ýerler, howpsyzlyk güýçleriniň berk garşylyk görkezmegi sebäpli protestçylaryň elinden alynypdy.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, yrakly protestçylaryň tutanýerli tutumy sebäpli Hyllani meýdanyndaky howpsyzlyk güýçleri meýdandan çekildi.

Howpsyzlyk güýçleri şol meýdanlarda birnäçe günden bäri protestçylara garşy gözüňi ýaşardýan gaz bilen ses bombalaryny ulanýardy.

Yrakda işsizlige we galplyga garşy göreş maksady bilen 1-nji oktýabrda başlan we henizem dowam edýän protest ýörişlerinde 319 adam ýogalypdy, 15 müňden gowrak adam hem ýaralanypdy

 



Degişli Habarlar