Italiýada metjidi partlatmak islän aşa sagjy topar tussag edildi

Italiýanyň Siena şäherindäki bir metjide hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi öňe sürülen 12 adamdan ybarat topar göz tussaglygyna alyndy

1305950
Italiýada metjidi partlatmak islän aşa sagjy topar tussag edildi

Italiýanyň Rainews24-iň berýän habaryna görä, Mafiýa garşy göreşiň Baş prokurory Juzeppe Kreassonyň geçirýän derňew işiniň çäginde, Florensiýa we Siena welaýatlarynyň Içeri işler edaralarynyň bilelikde operasiýa geçirendigi habar berildi.  

Siena welaýatynyň Kolle Wal d'Elsa etrabyndaky metjide hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi öňe sürülen nasist tarapdary 60 ýaşyndaky bank işgäri bilen, aralarynda 22 ýaşyndaky oglunyň hem bolan jemi 12 adamyň göz tussaglygyna alynyp, soraga çekilendikleri aýan edildi.

Içeri işler edarasynyň işgärleriniň Kolle Wal d'Elsa etraby bilen birlikde golaýdaky etraplardaky käbir öýlerde hem gözleg işlerini geçirendigi beýan edildi.

Geçirilen gözleg işleriniň netijesinde partlaýjylaryň, köp sanda ýaragyň we II Jahan urşyndan galan nasist simwollaryň we galyndylaryň ele salynandygy habar berildi.

Aşa sagjy toparyň Kolle Wal d'Elsa etrabyndaky metjidiň aşayndan geçýän turbany partladyp, aksiýalaryny geçirmegi meýilleşdirendikleri mälim edildi.


Etiketkalar: #metjit , #Italiýa

Degişli Habarlar