Yrakda hökümete garşy protest ýörişleri sebäpli häzire çenli 254 adam ýogaldy

Protest ýörişlerinde 5494 adam ýaralandy

1301120
Yrakda hökümete garşy protest ýörişleri sebäpli häzire çenli 254 adam ýogaldy

Yrakda 1-nji oktýabrda başlan hökümete garşy protest ýörişleri sebäpli häzire çenli 254 adam ýogaldy

BMG-nyň Yrakda dowam edýän protest ýörişleri baradaky habarnamasynda, ýurduň paýtagty Bagdadyň başda durmagynda oktýabr aýynyň 25-i bilen noýabr aýynyň 4-i aralygynda ýörişler sebäpli ýene-de 97 adamyň ýogalandygy nygtaldy

Habarnamada protest ýörişlerinde müňlerçe adamyň hem ýaralanandygyna üns çekildi.

BMG-nyň habarnamasynda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan atylan gaz bombasy sebäpli 16 adamyň ýogalandygy ýatladyldy

Protest ýörişlerinde 5494 adamyň ýaralanandygy bellenildi.

 

 


Etiketkalar: #BMG , #protest ýöriş , #Yrak

Degişli Habarlar