Tel-Abýatda terrorçylykly hüjümiň öňi alyndy

Siriýanyň Milli Goşunynyň esgerleri, Tel-Abýad etrabynyň merkezinde bomba ýüklenen ulagy anyklap, terrorçylykly hüjümiň öňüni aldylar

1296027
Tel-Abýatda terrorçylykly hüjümiň öňi alyndy

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen terrordan saplanan Tel-Abýad etrabynda howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin gözleg we saplaýyş işleri dowam etdirilýär.

Siriýanyň Milli Goşunynyň esgerleri, Siriýa-Türkiýe serhedindäki Tel-Abýad etrabynyň merkezinde düýn terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan bomba ýerleşdirilen bir ulagy anykladylar.

Etrabyň merkezinde howpsyzlyk çäreleri görüleninden soň, ulagyň içinden çykarylan bomba, asuda ilatdan uzak bir ýerde hünärmenler tarapyndan gözegçilik astynda partladyldy.

Türkiýäniň Akçakale etrabynyň golaýynda Siriýanyň serhetleriniň çäginde ýerleşýän Tel-Abýad etraby, 13-nji oktýabrda terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylardan saplanypdy.


Etiketkalar: #bomba , #Tel Abýad

Degişli Habarlar