Terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysy Bagdadiniň öldürilendigi öňe sürüldi

Terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysy Ebubekir Al-Bagdadiniň öldürilendigi öňe sürüldi

1295500
Terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysy Bagdadiniň öldürilendigi öňe sürüldi

ABŞ-nyň terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysy Ebubekir Al-Bagdadini Siriýanyň Idlib şäherinde öldürendigi öňe sürülen operasiýasynyň, ABŞ-nyň harby toparlarynyň dikuçarlary bilen takmynan 4 sagat dowam edendigi mälim edildi.

Idlibdäki Anadoly habarlar gullugynyň işgärleriniň habar bermegine görä, ABŞ-nyň dikuçarlar bilen gelip guran operasiýasynyň ýeriniň, welaýatyň demirgazygynda öýlerindan mahrum bolan adamlaryň ýaşaýan Tourlaha çadyr düşelgesiniň birnäçe kilometr uzaklygynda ýerleşýär.

Gije sagat 12:00 töweregi 8 amerikan dikuçary we 2 sany uçarmansyz howa ulagy sebite baryp, Barişa obasynyň golaýyndaky ýere 1,5 sagadyň dowamynda od açdy.  

Dikuçarlara ýerde agyr ýaraglar bilen garşylyk görkezildi.

Takmynan 1,5 sagat dowam eden ilkinji çaknyşykdan soň dikuçarlar sebitden uzaklaşdylar.

30 minut soň yzyna gaýdyp gelen dikuçarlar hüjümlerini dowam etdirdiler.

Şol wagt dikuçarlardan ABŞ-nyň ýörite güýçleridigi çak edilýän harby toparlar ýere düşürildi.

Çaknyşygyň 2-nji etaby 2,5 sagat dowam etdi.

Dikuçarlar takmynan 4 sagat dowam eden operasiýadan soň sebitden uzaklaşdylar.

Sebite baran saglygy goraýyş toparlary, hüjümiň guralan ýerinde ýumrulan bir öý bilen töwereginde dolulygyna ýanan käbir çadyrlary görendiklerini habar berdiler.

Saglygy goraýyş toparlar wakanyň bolan ýerinde 3 erkek, 3 zenan we 1 çaga bolmak bilen jemi 7 adamyň jesedini tapandyklaryny, ýaralanan 5 adama bolsa ilkinji tiz kömegiň berilendigini beýan etdiler.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň metbugaty operasiýa degişlidigini öňü süren käbir media maglumatlaryny paýlaşdy, şol media maglumatlar Yragyň döwlet telewideniýesinde hem görkezildi.



Degişli Habarlar