ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky uniwersitetleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

1295520
ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýaragly hüjüm guraldy

Dallas Morning News gazediniň berýän habarynda, Grinwill şäherindäki Tehas A&M uniwersitetindäki uçurymlaryň duşuşygynda guralan ýaragly hüjümde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy mälim edildi.

Resmiler, wakanyň bolandygyny tassykalamasalar hem, käbir sosila media platformalarynda bir zalda töwerekde ýaralanan adamlaryň bolan wideosy paýlaşyldy.

Ýerli WFAA-TV kanalynyň işgäri Ýason Whitely, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Tehas A&M uniwersitetiniň içinde guralan hüjümde azyndan 2 adamyň ýogalandygyny, 10-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Hüjümde awtomatik ýaragyň ulanylandygyny pikir edýändigini aýdan Ýason Whitely, hüjümiň näme sebäpli guralandygyny bolsa bilmeýändigini beýan etdi.

Wakanyň bolan ýerine köp sanda tiz kömek ulagy iberildi.

Hüjümçiniň şahsyýeti we saklanyp-saklanmandygy barada bolsa entek maglumat gelip gowuşmady.



Degişli Habarlar