Idlibde çaknyşyksyz zolakda guralan hüjümde 2 zenan ýogaldy
Asada tabynlykdaky güýçler hüjümlerini dowam etdirýär
1295054
Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibde çaknyşyksyz zolakda guran hüjüminde 2 zenan ýogaldy, 5 adam ýaralandy
Asada tabynlykdaky güýçler Idlibde çaknyşyksyz zolakda ýerleşýän Bydama etrabyna, Kefrenbil etrapçasyna, Kefer Sejne, Hiiş, Myrrythyrma we Ureýnibe obalaryna raketa hüjümlerini gurady
Mesele hakynda berlen beýanata görä, Idlibiň günorta günbatarynda ýerleşýän Bydama etrabyna guralan hüjümde 2 zenan ýogaldy, 5 adam ýaralandy
Beýleki tarapdan harby oppozisionerler Russiýa degişli harby uçarlaryň hem Idlibiň Hazarin, Belýon, Maarzite we Latakiýanyň Kebbine obalaryna hüjüm gurandygyny mälim etdi.
Degişli Habarlar
Eýran Täze Prezidentini Saýlamak Üçin 28-nji Iýunda Saýlaw Geçirer
Bu barasynda Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA habar berdi.